Agzaçar wagty bolsa maşgalaňyz, dostlaryňyz bilen bir saçagyň başynda jemlenmegiň şatlygydyr. «Altyn Açar» kafeler toplumy siz üçin ýeňil, peýdaly we ýokumly tagamlardan ybarat bolan ýörite agzaçar menýusyny taýýarlady. Remezan aýynda sagdyn iýmitlenmek aýratyn möhümdir. Remezan aýynda agyz beklemek diňe ruhy tämizleniş däl, eýsem beden üçin hem aýratyn synagdyr. Uzak wagtyň dowamynda iýmit we suw kabul etmänsoň, agzaçar wagtynda bedene ýeňil, peýdaly we çalt energiýa berýän önümleri saýlamak örän möhümdir. Şeýle önümleriň biri - hurmadyr. Adatça agzaçar hurma we suwdan başlanýar.
Hurma gadymy döwürlerden bäri iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Ol tebigy şekerlere - glýukoza, fruktoza we saharoza baý bolup, bedene çalt güýç berýär. Şonuň üçin birnäçe hurma birnäçe minutyň içinde ýadawlygy azaldyp, özüňi has ýeňil duýmaga kömek edýär. Şeýle hem hurmada köp mukdarda witaminler we minerallar bar: kaliý, magniý, demir, mis hem-de B toparynyň witaminleri. Bu maddalar ýüregiň işleýşini goldaýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar we bedeniň umumy ýagdaýyny berkidýär. Biz hem myhmanlarymyza agzaçar wagtynda tebigy, ýeňil we peýdaly tagamlary hödürleýäris.
Geliň, bu bereketli agşamlary bilelikde geçireliň!