Hünär öwren we häzirki zaman konditer önümçiliginde hakyky iş tejribesini gazan we ussat konditer bol.
«Altyn Açar» konditer önümçiligi mugt hünär okuwyna çagyrýar.
Size nämeler garaşýar:
- baş konditeriň ýolbaşçylygynda hünäriň esaslaryny öwrenmek;
- okuwyň ilkinji 2 aýynda aýda 1 350 TMT möçberinde talyp hakyny almak;
- resmi okuwçy şertnamasy;
- häzirki zaman önümçilik enjamlarynda iş tejribesini gazanmak;
- okuwy üstünlikli tamamlandan we synagdan geçenden soň işe ýerleşmek;
- hünär we wezipede ösüş mümkinçilikleri.
Okuwyň dowamynda:
- konditer önümçiliginiň esasy usullary;
- tortlary we süýji önümleri taýýarlamagy hem-de bezemegi;
- önüm ölçegleri, düzümi we reseptleri bilen işlemegi;
- önümiň hil talaplaryny we önümçilik işiniň tertibini öwrediler
Eger siz:
- täze hünäri öwrenmäge çyn ýürekden isleg bildirýän;
- zähmet çekmäge we özüni ösdürmäge taýýar;
- jogapkärçilikli, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýän we önümçilik tertibine eýerýän;
- saglyk şahadatnamasy bar bolan ýa-da ony resmileşdirmäge taýýar bolsaňyz, biz size garaşýarys.
Ýerler çäklidir.
Okuwyň geçiriljek ýeri: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby M.Sopyyew OHPJ Körçaý bölümi
Arza bermek üçin bize E-mail poçtamyza ýazyň: altynachar.info@gmail.com
Telefon: +99361373317
Adyňyzy, ýaşyňyzy we telefon belgiňizi görkeziň. Işgärler bölüminiň hünärmeni siziň bilen habarlaşyp, söhbetdeşlige çagyrar.
Hünär öwren. Tejribe gazan. «Altyn Açarda» ussat konditer bol.