Täze tagamlarymyz bilen tanyşyň: biziň menýumyza 5 görnüşli smuzi goşuldy!

17/06/2026
Täze tagamlarymyz bilen tanyşyň: biziň menýumyza 5 görnüşli smuzi goşuldy!

Tebigy miwelerden, ir-iýmişlerden we gök önümlerden taýýarlanylýan bu içgiler tomusyň yssy günlerinde size güýç-kuwwat berer.

Täze smuzilerimiziň görnüşleri:

- Bananly we malinaly smuzi
Bananyň süýjüligi bilen malina miwesiniň hoşboý ysly tagamynyň ajaýyp utgaşmasy.

- Kiwili smuzi
Ýeňil tagamy bilen tropiki miweleri söýýänler üçin ajaýyp saýlaw.

- Miweli smuzi
Dürli miweleriň baý tagamyny birleşdirilen bu smuzi, özboluşly lezzet hödürleýär.

- Almaly we käşirli smuzi
Almanyň tebigy süýjüligi bilen käşiriň  tagamyny birleşdirýän ýeňil we witaminlere baý içgi.

- Detoks smuzi
Saglygyna ideg etmegi halaýanlar üçin taýýarlanan smuzi. Gündelik tagamlaryňyza peýdaly goşant bolar.

Ähli smuziler siz sargydyňyzy edeniňizden soňra taýýarlanylýar, şo sebäpli olaryň ter tagamyny we tebigy aýratynlyklaryny doly duýup bilersiňiz.

Sizi täze smuzilerimizi dadyp görmäge çagyrýarys! "Altyn Açar" bilen günüňizi has lezzetli geçiriň!