Täze mobil goşundymyzda ALTYN10 promo-kody girizip, ilkinji sargydyñyza 10% arzanladyş alyň!

Nädip sargyt etmeli

Altyn Açardan sargyt etmegiň düzgünleri

Web sahypa arkaly sargyt etmek. Kompýuterde ýa-da saýtyň ykjam görnüşiniň üsti bilen web sahypadan sargyt etmek üçin şu aşakdaky ädimleri ýerine ýetiriň:

Sahypada hasaba alyş

Ilki bilen, hasaba alyşdan geçmeli – bu hökmany şert. Hasaba alyş köp wagtyňyzy almaýar, diňe gerekli maglumatlary giriziň:

  • Adyňyz
  • Familiýaňyz
  • Telefon belgiňiz
  • E-mail poçtaňyz
  • Gizlin sözüni dörediň

Bu maglumatlar bilen siz sahypanyň ykjam we kompýuter wersiýalaryna girip bilersiňiz.

Sargyt etmegiň ädimleri

  1. Harydy tapmak we saýlamak:

    Katalog: Katalogda harytlar kategoriýalara bölünendir. Her kategoriýada harydy bahasy we beýleki aýratynlyklary boýunça saýlap bilersiňiz.

    Kompýuterde kategoriýalar: Sahypanyň çep tarapynda ýa-da ýokarky böleginde ýerleşýär.

    Ykjam wersiýada kategoriýalar: Kategoriýalar ýokarda ýerleşýär.

    Gözleg arkaly: Sahypanyň ýokarky bölegindäki gözleg meýdanyna harydyň adyny ýazyp, tiz tapyp bilersiňiz. Filtrleri we tertiplemek funksiýalaryny gözlegiň netijesi has takyk bolar ýaly ulanyň.

  2. "Sebede" goşmak:

    Harydyň ýanyndaky "Sebede goş" düwmesine basyň. Soňra peýda boljak penjirede:

    • "Söwda etmegi dowam etdiriň" ýa-da
    • "Sargyt etmek" funksiýalarynyň birini saýlap bilersiňiz.
  3. Sargyt sahypasyna geçmek:

    Hasaba alyşda girizen maglumatlaryňyz awtomatiki görnüşde peýda bolar:

    • Adyňyz
    • Telefon
    • E-mail
    • Dogry şäheri saýlaň. Üns beriň: Eltip bermek üçin şäher nädogry görkezilse, eltip bermek hyzmatynyň nyrhy üýtgäp biler.
  4. Eltip bermek salgysy: Eltip bermek üçin salgyny giriziň.
  5. Eltip bermek usulyny saýlaň:
    • Kurýer arkaly (gapyňyza çenli eltip bermek).
  6. Töleg usulyny saýlaň:
    • Nagt töleg (harydy kabul edeniňizde kurýere tölenýär).
    • Sargydyňyzy özbaşdak alyp gitmegi saýlaň. Kafelaryň salgylary kartada bellenen.
  7. "Alyjynyň bellikleri" meýdançasynda möhüm bolan maglumatlary, eltip bermek wagty we başgada islegleriňizi görkeziň.
  8. Arzanladyşlar, aksiýalar we bonuslar barada habardar bolmak üçin, bizden habar almak üçin ýazylyň.

    "Ulanyş şertlerini" kabul etmek üçin, düwmejige basyň (giňişleýin maglumaty "Ulanyş şertleri" baglanyşygyna basyp bilersiňiz).

  9. "Sargyt ýerleşdirmek" düwmesine basyň.

Bir klikde satyn al

Harydyň sahypasyna girip, "Bir klikde satyn al" düwmesine basyň. Açyljak penjirede şu maglumatlary giriziň:

  • Adyňyz
  • Telefon belgiňiz (telefon belgiňiz dogry girizilenligini barlaň, telefon belgiňiz öçük bolmaly däl)
  • (Islege görä) E-mail

"Ugratmak" düwmesine basyň. Üns beriň: Bu funksiýa diňe bir haryt üçin ulanylýar. Birden köp haryt sargyt etmek üçin sebedi ulanyň.

Altyn açar mobil goşundysynda sargyt etmegiň ädimleri

Programmada hasaba alyş şeýle geçirilýär:

  • Adyňyz
  • Familiýaňyz
  • Telefon belgiňiz
  • E-mail poçtaňyz
  • Gizlin sözüni dörediň

Şu maglumatlar bilen siz şahsy otagyňyza, sahypanyň mobil görnüşi arkaly ýa-da “Altyn Açar” mobil goşundysy arkaly girip bilersiňiz.

Mobil goşundyda "Profil" bölümine geçiň we "Registrasiýa" düwmesini saýlaň. Zerur ähli meýdanlary dolduryň. Registrasiýany tamamlanyňyzdan soňra, satyn almaga başlaň :)

Programmada amala aşyrylmaly hereketler:

  1. Zerur harydy tapmak we saýlamak usullary:
    • Katalog arkaly: Harytlar kategoriýalara bölünendir. Kategoriýalaryň her birinde harytlary baha, brend, satyjy, öndüriji we ş.m. boýunça tertipleşdirip bilersiňiz.
      Filtrler kategoriýalaryň ýokarky çep tarapynda ýerleşýär.
    • Gözleg: Gözleg meýdany aşaky we ýokarky menýu çyzgysynda ýerleşýär. Gözleg meýdançasyna harydyň adyny ýa-da artikulyny giriziň we netijelerden gerek harydy saýlaň.
  2. Kafe saýlaň Kafeni saýlanyňyzdan soňra, siz saýlan kafeňiziň menýusyna geçersiňiz.
  3. ⚠️Üns beriň! Eger siziň sargydyňyzda dürli kafelerimizden tagamlar bar bolan ýagdaýynda, eltip bermek hyzmatynyň tölegi artar we sargytlaryňyz dürli wagtda eltip biliner.
    ✅ Saýlanan bir kafemizden sargyt etmegi maslahat berýäris – şeýlelikde sargytlaryňyz amatly bahadan we çalt eltip beriler!

  4. Zerur harydy saýlaň we "Sebede goş" düwmesini basyň, soňra "Sebet" bölümine geçiň.
  5. Promo-kod ulanmak üçin, "Kupon" meýdançasyna kody giriziň we "Goş" düwmesini basyň, soňra "Sargyt etmek" düwmesini basyň.
  6. Sargyt sahypasyna geçeniňizden soň, hasaba alyş wagtynda girizen ähli maglumatlaryňyz awtomatiki görnüşde doldurylýar:
    • Adyňyz
    • Familiýaňyz
    • Telefon belgiňiz
    • E-mail poçtaňyz
  7. Ýerleşýän ýeriňizi görkeziň. Üns beriň: Dogry şäheri saýlaň. Eltip bermek üçin şäher nädogry görkezilse, eltip bermek hyzmatynyň nyrhy üýtgäp biler.
  8. "Eltip bermek salgysy" meýdançasyna salgyňyzy giriziň. "Şäher" meýdançasyny dolduryň. Awtomatiki arkaly “Ýurt” meýdançasynda Türkmenistan saýlanar. "Welaýat/Etrap" meýdançasyna Aşgabat şäherini giriziň we "Indiki" düwmesini basyň.
  9. Eltip bermek görnüşini saýlaň:
    • Kurýer arkaly gapyňyza çenli.
    • Sargydyňyzy özbaşdak alyp gitmegi saýlaň. Kafelaryň salgylary kartada bellenen.
  10. Töleg görnüşini saýlaň:
    • Nagt
  11. “Alyjynyň bellikleri” meýdançasynda möhüm bolan maglumatlary, eltip bermek wagty we başgada islegleriňizi görkeziň.
  12. "Sargyt ýerleşdirmek" düwmesine basyň.

FAQ: Altyn Açarda satyn almagyň düzgünleri

Sebetde elýeter bolmadyk harytlar barmy?

Haryt ýok bolsa, ony “Halanylan harytlar” bölümine geçirip, sebetden aýyryň.

Ýalňyş sargyt goýulan ýagdaýynda

Administrasiýa bilen habarlaşyň aragatnaşyk üçin formany dolduryň ýa-da görkezilen telefon belgilerine jäň ediň +99361427444.

Profil, eltip bermek hyzmaty we töleýjiniň maglumatlaryny nädip täzeläp bilerin?

"Profil" bölümine geçiň, "Hasap" bölegini saýlaň we "Eltip bermek salgysy" bölüminde maglumatlary üýtgedip, "Ýatda sakla" düwmesini basyň.

Sargyt ýagdaýlary:

  • Açyk: Sargyt ýerleşdirildi, ýöne administrasiýa tarapyndan entek işlenmedi.
  • Işlenilen: Operatoryň tassyklanyşy bilen haryt ibermäge taýýar.
  • Tamamlanan: Sargyt doly ýerine ýetirildi.
  • Garaşylýar: Sargytda elýeterli däl bolan harytlar ýerleşdirilen.
  • Ýatyrylan: Alyjy sargydy ýatyrdy.
  • Ret edilen: Administrasiýa tarapyndan ret edildi.

Sargyt ýagdaýlaryny "Profil" → "Sargytlar" bölüminden görüp bilersiňiz. Programma arkaly PUSH habarlar hem gelip durýar, şeýle hem E-mail poçtaňyza maglumat ugradylar.

Üns beriň! Hiç haçan üçünji taraplara gizlin sözi, login ýa-da hasabyňyza girmegi üpjün edýän kodlary bermäň.

Altyn Açarda etjek söwdalaryňyz üstünlikli bolsun!

Sargyt barada soraglar we teswirler




Teswirler

Приложение очень удобное. Молодцы успехов вам.

Класс! Добавьте пожалуйста онлайн оплаты в приложение.

Здравствуйте, добавьте темный режим в мобильное приложение.

Удобно и понятно.

Все просто и интуитивно понятно. Очень удобно что при следующих заказах не нужно писать повторно телефон, адреса. Накидал товаров в корзину оформил заказ и разместил.

Seslenme goýmak