Nädip sargyt etmeli
Altyn Açar-da sargydyňyzy ýerleşdirmegiň usullary
Indi Altyn Açar-da sargyt ýerleşdirmek has-da aňsat:
- myhman hökmünde — hasaba alynmasyz,
- ýa-da şahsy otag döredip, goşmaça artykmaçlyklardan peýdalanyp:
- şahsy arzanladyşlar
- kuponlar we bonuslar
- sargytlaryň taryhyny görmek
- öň girizilen salgylar we satyn alyşlary gaýtalamak üçin amatly mümkinçilik
Sargydy saýt arkaly ýerleşdirmek
1. Hasaba alynyş (islegiňize görä)
Hasaba alynyş birnäçe minut wagtyňyzy alýar we arzanladyşlara hem-de şahsy tekliplere ýol açýar.
Hasaba alynanda girizilmeli maglumatlar:
- Adyňyz
- Familiýaňyz
- Telefon belgiňiz
- Gizlin sözi
Hasaba alynanyňyzdan soň, sargyt edeniňizde ähli maglumatlar awtomatiki doldyrylýar.
Emma isleseňiz, sargydy myhman hökmünde hem ýerleşdirip bilersiňiz.
3. Sargydy ýerleşdirmek
Saýlan harydyňyzy goşanyňyzdan soňra aşakdaky düwmeler peýda bolar:
- «Söwdany dowam etmek»
- «Sargydy ýerleşdirmek»
«Sargydy ýerleşdirmek» düwmesine basyň.
Siz hasaba alynan bolsaňyz, maglumatlaryňyz awtomatiki doldurylar.
Myhman bolup sargyt edýän bolsaňyz, aşakdaky maglumatlary giriziň:
- Adyňyz
- Telefon belgiňiz
- E-mail (islege görä, emma bildirişler üçin maslahat berilýär)
4. Eltip bermek
✅ Maslahat: bir kafeden sargyt ediň, şonda sargydyňyz has çalt we has amatly eltip beriler.
Üns beriň: şäher nädogry saýlansa, eltip bermegiň bahasy täzeden hasaplanyp bilner.
- Eltip berilmeli salgy
- Eltip bermegiň görnüşi:
- Kuriýer arkaly öýüňize çenli
- Özüňiz alyp gitmek — kartadan kafeni saýlaň
5. Töleg
Özüňize amatly görnüşini saýlaň:
- Bank kart arkaly
- Nagt
6. Goşmaça sazlamalar
«Alyjynyň bellikleri» bölüminde eltip bermegiň isleýän wagtyňyzy we goşmaça islegleriňizi görkeziň.
Arzanladyşlar we aksiýalar üçin täzeliklerimize ýazylmagy maslahat berýäris.
Ulanyş düzgünlerine razylygyňyzy tassyklaň.
Maglumatlary barlap, «Sargydy resmileşdir» düwmesine basyň.
Bir basyşda satyn almak
Bir harydy tiz satyn almak isleseňiz, «Bir basyşda satyn al» düwmesine basyň.
Aşakdakylary giriziň:
- Adyňyz
- Telefon belgiňiz
- (Islege görä) E-mail
Soňra «Ugrat» düwmesine basyň.
Altyn Açar mobil goşundysy arkaly sargyt etmek
Hasaba alynyş (hökman däl)
Myhman hökmünde sargyt edip bilersiňiz, ýöne hasaba alynan ulanyjylar aşakdaky artykmaçlyklara eýe:
- arzanladyşlar
- kuponlar
- bonuslar
- sargyt taryhy
- şahsy maslahatlar
Hasaba alynmak üçin: «Profil» → «Girmek/Hasaba alynmak» → «Hasaba alynmak» bölümini açyň.
1. Harytlary saýlamak
Katalog
Kategoriýalar, tertipleşdiriş we filtrler ýokarda ýerleşýär.
Gözleg
Gözleg «Katalog» bölüminde hem-de ýokarda elýeterlidir. Harydy ady ýa-da artikul boýunça tapyp bolýar.
Kafe saýlamak
Kafeni saýlanyňyzdan soň degişli menýu açylar.
2. Sebet
Harytlary sebediňize goşuň we «Sebet» bölümine geçiň.
Promokod ulanmak üçin: Kody giriziň → «Ulan» → «Sargydy ýerleşdir».
3. Sargydy ýerleşdirmek
✅ Bir kafeden sargyt etmek has amatlydyr.
Siz hasaba alynan bolsaňyz, maglumatlar awtomatiki doldurylar.
Myhman bolsaňyz, aşakdakylary giriziň:
- Şäher
- Köçe
- Salgy (jaý, otag)
- Telefon belgiňiz
Eltip bermegiň görnüşi:
- Kuriýer arkaly
- Özüň alyp gitmek
Töleg görnüşi:
- Bank kart arkaly
- Nagt
Goşmaça bellikleri giriziň we «Sargydy ýerleşdir» düwmesine basyň.
Köp berilýän soraglar (FAQ)
Haryt ýokmy?
Ony «Halanlaryma» goşuň we sebetden aýyryň.
Sargydy nädip ýatyrmaly?
Administrasiýa bilen +99361427444 belgisi arkaly habarlaşyň.
Profil maglumatlaryny nädip täzelemeli?
«Profil» → «Meniň salgylarym» → «Salgyny üýtget» ýa-da «Täze salgy goş» → «Ýatda sakla».
Sargytlaryň ýagdaýlary
- Açyk — sargyt kabul edildi
- Işlenildi — administrator tassyklady
- Ýerine ýetirildi — eltip berildi
- Aýyrylyp goýulan — käbir harytlar ýok
- Ýatyrylan — alyjy tarapyndan
- Ret edilen — administrasiýa tarapyndan
Sargytlaryň ýagdaýlaryny «Profil → Sargyt taryhy» bölüminde görüp bolýar.
Mobil goşundyda PUSH-bildirişler hem-de (eger görkezilen bolsa) E-mail habarnamalar iberilýär.
Üns beriň: Login, gizlin söz we tassyklama kodlaryňyzy hiç haçan üçünji taraplara bermäň.
Altyn Açarda hoş gördük, işdäňiz açyk bolsun!